Arhiw

Wahyt Orazsähedow «Dordoý» toparynda gözden geçirilýär

16:1618.02.2019
0
7993

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý” toparynda gözden geçiriler ― diýip, TFF-niň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.
Ýeri gelende aýtsak, W.Orazsähedow geçen ýarym ýyly Aşgabadyň “Altyn Asyrynyň” düzüminde geçirip, Türkmenistanyň futbol çempionatyny birinji orunda tamamlady, şeýle-de, ol topary bilen AFK-nyň Kubogynyň finalyna çykmagy başardy.
Orazsähedowyň Russiýanyň “Rubininiň” uçurymydygyny ýatladýarys. W.Orazsähedowyň Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji çykyşy 2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Bişkek şäherinde Gyrgyz Respublikasy bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygynda bolup geçipdi. “Dordoý” toparynyň resmi saýtynda aýdylyşy ýaly, toparyň wekilleri türkmen hüjümçisini Bişkegiň “Manas” aeroportynda garşy alypdyrlar. W.Orazsähedow “Dordoýyň” Yssyk-Kölde hem-de “Türkiýede geçirjek okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda synagdan geçer. Şondan soň onuň topardaky wezipesi kesgitleniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň