Soňky habarlar

Arhiw

Berlinde Türkmen-german işewürler maslahaty üstünlikli geçirildi

16:1318.02.2019
0
952

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran gulluk iş saparynyň netijeleri, şeýle hem saparyň çäklerinde Berlinde guralan çäreleriň we Türkmen-german işewürler maslahatynyň jemleri barada hasabat berdi.
Işewür duşuşygyň barşynda GFR-iň döwlet düzümleriniň we 80-e golaý nemes kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler we häzirki döwürde amala aşyrylýan iri taslamalar, daşary ýurt maýadarlary üçin ýurdumyzda döredilýän şertler bilen tanyşdyryldy.
Forumyň çäklerinde döwletimizde hususy ulgamyň ösdürilişi, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şeýle hem türkmen önüm öndürijileriniň eksport harytlarynyň sergisi guraldy.
Nemes kompaniýalary nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy boýunça gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik toplumlaryna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça oňyn teklipleri öňe sürdüler.
Işewürler maslahatynyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn, şol sanda telekeçilik ulgamy babatda ylalaşyklara gol çekildi.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary «Сlaas» kompaniýasynyň ylmy işläp taýýarlamalar innowasion merkezinde, «AFB Agrar GmbH» kompaniýasynyň oba hojalyk fermasynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler hem-de öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gyzyklanma bildirýän ýurtlar, Ýewropa döwletleri, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, netijeli hyzmatdaşlygyň önümçilige döwrüň ösen tehnologiýalaryny, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu babatda bilelikdäki türkmen-german iş toparyna möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, türkmen-german işewürler maslahatynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, ýer hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda ähmiýetli tejribeleri öwrenmek we özleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryň ösüşiniň Türkmenistanyň önümçilik, täzeçillik we eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidigini belläp, gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň