Soňky habarlar

Arhiw

Täze ygtyýarnamalar Ýokary liganyň ähli wekillerine halkara ýaryşlara gatnaşmaga hukuk berer

15:5418.02.2019
0
1112

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda TFF-niň geçirýän ýaryşlarynda eminleri bellemek, tertip-düzgüne berk gözegçilik etmek, Ýokary liga toparlary bilen birlikde 18 ýaşa çenli futbolçylaryň birinjiligini geçirmekligiň tertiplerini düzmek, toparlarymyzyň AFK-nyň Kubogyna gatnaşmak hem-de ýerli çempionatymyzda çykyş etmegi bilen bagly ygtyýarnamany, şeýle-de futzal toparlarynyň ygtyýarnamalarynyň düzgünnamalaryny tassyklamak hakyndaky meselelere garaldy.
TFF-niň hünärmenleriniň habar bermegine görä, täze ygtyýarnamalar milli ýaryşlardaky bäsdeşligi has-da güýçlendirer. Çünki bu ygtyýarnamalar Ýokary liganyň ähli wekillerine Türkmenistanyň çempionatynda we Kubok ýaryşynda üstünlikli çykyş eden ýagdaýynda AFK-nyň kubogyna gatnaşmaga hukuk berer. Häzir şeýle hukuga ýurdumyzdan «Altyn asyr» bilen «Ahal» eýe. Geçen ýyl ýurdumyzyň futbol Kubogyna mynasyp bolan Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol topary ýörite ygtyýarnamasynyň ýokdugy sebäpli, AFK-nyň kubogy ― 2019-a gatnaşyp bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň