Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow ACA-nyň çempiony

06:0617.02.2019
0
29542

Başa-baş göreş boýunça 26 ýaşly türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow (17-5-1) täze halkara ýaryş bolan Absolute Championship Akhmatyň (ACA) ýarymagyr agram boýunça çempiony boldy. 93 kilograma çenli agram derejesindäki pälwanlaryň arasynda ýaryşan ildeşimiz Warşawanyň Torwar-arena sport toplumynda geçirilen ýaryşda polşaly 38 ýaşly pälwan Karol Selinskini (16-7-1) dördünji raundda nakaut bilen ýeňdi.
Bassyr bäş ýeňşinde ýeňiş gazanan, şol sanda ACA-nyň çempionlyk guşagynyň eýesi, russiýaly Batraz Agnaýewi hem ikinji raundda nakaut bilen ýeňen türkmenistanly pälwan bu ýaryşa 2017-nji ýylda goşuldy. Selinskiý bilen geçirilen duşuşykdan soňra, onuň hasabynda diňe ACA-da bassyr dört ýeňiş bar. 
Tutluşykdan soňra Döwletjan Ýagşymyradow ýurdumyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin giň şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň