Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda nyrhlar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

15:0816.02.2019
0
7426

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň depginini has-da ýokarlandyrmak, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de «Gurluşykda milli çykdajy ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 29-njy martynda çykaran 715-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň