Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geler

13:0516.02.2019
0
5301

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň