Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ylgaýjylar Nowruz baýramynyň hormatyna Daşkentde geçiriljek ýarym marafona gatnaşar

18:5315.02.2019
0
777

Şu ýylyň 24-nji martynda türkmenistanly uzak aralyga ylgaýjylar Birinji Daşkent halkara ýarym marafonyna (21 kilometr) gatnaşar. Bu ýaryş Nowruz baýramynyň hormatyna geçiriler.
Ýaryşyň guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, ýurduň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän ýarym marafona Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Owganystandan, Türkiýeden we Hytaýdan meýletin ylgaýjylar bellige alyndy. Ýaryşda tapawutlananlara pul baýraklary goýlar. Halkara ýaryş döwlet teleýaýlymlaryndan we internet saýtlarynyň birnäçesinden göni ýaýlymda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň