Şu gün ― 15-nji fewralda futzal ýygyndylarynyň bütindünýä reýtingi täzelendi. Onda ýygyndylaryň 18-nji dekabrdan soň görkezen netijelerine görä kabir üýtgeşmeleriň bolandygyny turuwbaşdan aýtmak gerek. Ozalky reýtingde 72-nji orunda görkezilen Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy bolsa bu gezek bir basgançak aşak düşüp, 73-nji orna geldi.
Goňşularymyz Eýran Yslam Respublikasynyň milli ýygyndysy ornuny üç basgançak ýokarlandyryp, üçünji orna çykmagy başardy. Şol sanda Argentinanyň futzalçylary hem Eýran bilen deň utuk toplap, 5-nji orundan 3-nji orna çykdylar. Şeýlelikde, reýtingde ilkinji 10 orny Braziliýanyň, Ispaniýanyň, Eýranyň, Argentinanyň, Russiýanyň, Portugaliýanyň, Gazagystanyň, Italiýanyň, Ukrainanyň we Paragwaýyň milli ýygyndylary eýeleýärler. Goňşy döwletlerimizden Azerbaýjan 11-nji, Özbegistan 29-njy, Owganystan 89-njy orunda.
Täze sanawda Türkmenistanyň futzal ýygyndysyna 834 utuk berildi. Milli ýygyndymyzyň AFK-nyň reýtingindäki orny bolsa üýtgemedi. Türkmen futzalçylary 18-nji dekabrda bolşy ýaly, ýene-de 17-nji orunda galdylar. Yklym sanawynyň ilkinji 10 ornuny Eýranyň, Ýaponiýanyň, Tailandyň, Özbegistanyň, Liwanyň, Kuweýtiň, Gyrgyz Respublikasynyň, Wýetnamyň, Yragyň we Malaýziýanyň futzalçylary eýeleýärler.
Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy dünýä reýtinginde 73-nji orunda
11:4015.02.2019
0
8657
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň