Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly futbol hünärmeni Bişkegiň “Dordoýynda” tejribe toplar

10:3815.02.2019
0
5635

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň we gyrgyz toparynyň resmi saýtlarynyň habar bermegine görä, şu günler türkmenistanly futbol hünärmeni, 39 ýaşly tälimçi Döwletmyrat Annaýew Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty «Bişkek» şäherinde ýurduň çempiony «Dordoý» futbol toparynyň we gyrgyz milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Aleksandr Kretininiň ýanynda tejribelik işlerini geçýär. Türkmenistanly hünärmen topar bilen tejribeliginiň çäginde Yssyk-Köldäki we Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşar.
Soňky ýyllarda «Dordoý» bilen türkmen toparlarynyň we biziň hünärmenlerimiziň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýratyn nygtamak gerek. Bassyr üç ýyl bäri yklym ýaryşynda ― AFK-nyň kubogynda türkmen toparlary bilen bir toparçada ýaryşyp, halkara tejribesini artdyryp gelýän «Dordoýyň» düzüminde geçen möwsümde biziň ildeşimiz ― 32 ýaşly ýarym goragçy Amir Gurbany hem futbol oýnady. «Dordoý» AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmen futbolçylary bilen iň kän duşuşan toparlaryň biridir. Şu wagta çenli «Altyn asyr», «Ahal», «Nebitçi» ýaly toparlarymyz Gyrgyz Respublikasynyň çempiony bilen ýedi duşuşyk geçirdiler. Şolaryň aglabasy hem türkmen futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Döwletmyrat Annaýew türkmen futbolynyň ýaş tälimçileriniň biri. Ol dürli ýyllarda Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysyna hem-de Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag ― 1» futbol toparyna hem tälimçilik etdi. Geçen möwsümde «Köpetdag ― 1» bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynda ýeňiji bolan tälimçi futzal boýunça ýurdumyzda AFK-nyň gözükdirijisi wezipesini hem ýerine ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň