Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Saud Arabystanynda geçirer

20:0814.02.2019
0
789

Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy (U23) ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Saud Arabystanyda geçirer. Ýaşlar ýygyndymyzyň ikinji türgenleşik ýygnanyşygy 14-19-njy mart aralygynda Er-Riýad şäherinde geçiriler. Onuň dowamynda olimpiýa ýygyndymyz Saud Arabystanynyň (U23) olimpiýa ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer ― diýip, TFF-niň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.
Ýeri gelende aýtsak, olimpiýa ýygyndymyzyň birinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygy Kataryň paýtagty Dohada geçirilipdi.
Saud Arabystanynda geçiriljek okuw-türgenleşigi Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň (U-23) 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň nobatdaky ädimi bolar.
Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry şu ýylyň 22 ― 26-njy marty aralygynda Eýranyň Tähran şäherinde geçiriler. “C” toparçada bäsleşýän olimpiýa ýygyndymyzyň garşydaşlary Eýranyň (22-nji mart), Yragyň (24-nji mart) hem-de Ýemeniň (26-njy mart) ýygyndylary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň