Arslanmyrat Amanowyň topary Türkiýedäki türgenleşiklerini tamamlady

20:0614.02.2019
0
879

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanowyň täzelikde goşulan topary, Özbegistanyň çempiony «Lokomotiw» Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlap, Daşkende dolandy. Toparyň Türkiýedäki türgenleşikleri 30-njy ýanwarda başlanypdy. Toparyň düzüminde täzelikde goşulan türkmenistanly ýarym goragçy Türkiýedäki türgenleşiklere topardan soňra bardy. Şeýle-de bolsa ol «Lokomotiwiň» bu ýerde geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarynyň dördüsine-de gatnaşdy.
Moskwanyň «Dinamo» topary bilen geçirilen ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynyň 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanandygyny ozal hem habar beripdik. Arslanmyrat Amanow bu duşuşykda «Lokomotiwiň» köýnekçesini ilkinji gezek geýdi we duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna girdi. Gazagystanyň bassyr bäş gezek çempiony «Astana» bilen bolan duşuşyk hem deňlikde (1:1) tamamlandy. Baş tälimçi türkmenistanly ýarym goragçyny bu gezek hem duşuşygyň ikinji ýarymynda meýdana goýberdi.
Topar Antalýadaky üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny Ukrainanyň «Zarýa» topary bilen geçirdi. 1:0 hasabynda ukrain toparynyň peýdasyna tamamlanan duşuşykda biziň ildeşimiz esasy düzümde oýna girdi. Sloweniýanyň «Olimpiýa» topary bilen geçirilen dördünji duşuşykda hem oňa esasy düzümde orun berildi. Bu duşuşyk hem başdaky iki oýun ýaly 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. 
Arslanmyrat Amanowyň täze topary möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygyny 23-nji fewralda geçirer. Şol gün Daşkent şäherindäki «Pahtakor» merkezi stadionynda boljak duşuşykda «Lokomotiw» Almalyk şäheriniň AGMK topary bilen ýurduň Naýbaşy kubogyny gazanmak üçin göreşer. Şu duşuşyk bilen hem «demirýolçularyň» 2019-njy ýyldaky futbol möwsümine badalga berler. Şeýlelikde, Arslanmyrat Amanow «Lokomotiwdäki» ilkinji resmi duşuşygynda özbek topragynda çykyş eden ilkinji toparyna garşy geçirip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň