Soňky habarlar

Arhiw

Berlinde Türkmen-german işewürler maslahaty açyldy

22:1013.02.2019
0
6257

13-nji fewralda GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürler maslahaty açyldy, oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti iberildi.
«Deutsche Bank AG-nyň» binasynyň mejlisler zalynda geçirilýän Türkmen-german işewürler maslahatyna GFR-iň DIM-niň, Ykdysadyýet we energetika, Oba hojalygy we azyk federal ministrlikleriniň, Halkara hyzmatdaşlygy nemes jemgyýetiniň, Telekeçilige goldaw bermegiň gündogar-ýewropa birleşiginiň, Merkezi Aziýadaky nemes ykdysadyýetiniň wekilhanasynyň, GFR-iň Söwda-senagat edarasynyň, Germaniýanyň alymlar toparlarynyň hem-de dürli pudaklarda işleýän köp sanly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Olaryň hatarynda bank işine, çaphana, biotehnologiýa, elektron enjamlarynyň önümçiligi, ýol gurluşyk we oba hojalyk tehnikasy, nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk we uçargurluşyk, logistika we beýleki ugurlara ýöriteleşen kompaniýalar hem bar. Maslahata jemi 70-e golaý iri kompaniýa gatnaşýar.
Milli Liderimiziň görkezmesine laýyklykda, maslahata Türkmenistandan Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Ahal welaýatynyň häkimliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar.
Maslahatyň gün tertibine geljekki söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy meýilleşdirmek üçin täze teklipler girizildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyklaşdyrdylar hem-de iki tarapyň hem mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, ozaly bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy, düzümleriň senagatlaşdyrylmagy, ýurdumyzda alnyp barylýan sanlaşdyrmak işleri göz öňünde tutuldy.
Maslahatda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna hemmetaraplaýyn baha berildi, dürli pudaklarda amala aşyrylýan özgertmeler häsiýetlendirildi, olary ösdürmegiň has uly ähmiýetli görkezijileri we mümkinçilikleri beýan edildi, Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky haryt dolanyşygynyň häzirki ýagdaýy seljerildi hem-de iki ýurduň bähbitleri hasaba alnyp, onuň möçberlerini geljekde hem artdyrmak üçin çäreler ylalaşyldy.
Germaniýanyň kompaniýalary ýurdumyzda uzak möhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda «Siemens AG», «Ñlaas Global Sales GmbH», «John Deere Walldorf GmbH & Ño. KG», «Umaõ Trade GmbH» ýaly kompaniýalaryň köp ýyllaryň dowamynda netijeli işländigini bellemek bolar. Mundan başga-da, maslahatda türkmen bazarynda işlemäge isleg bildirýän beýleki nemes kompaniýalary bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Maslahatda ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika we elektrotehnika, ulag pudaklary, obasenagat toplumy, maliýe-bank ulgamy boýunça hem gepleşikler geçirildi.
Şu gezekki maslahata uzak möhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm çäre hökmünde garap bolar, resminamalar toplumyna, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny getirmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw hojalygy üçin hünärmenleri taýýarlamak we okatmak hem-de beýleki ugurlar boýunça resminamalara gol çekilmegi munuň subutnamasydyr. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň we nemes kompaniýalarynyň arasynda hem birnäçe ylalaşyga gol çekildi.
Işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi guraldy. Mundan başga-da, maslahatyň meýdançalarynda ýurdumyzyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, GFR-iň döwlet düzümlerinde gepleşikler we geňeşmeler geçirildi, nemes kompaniýalaryna baryp görmek hem-de olaryň innowasiýa tejribeleri bilen tanyşmak çäreleri guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň