«Istiklol» AFK-nyň kubogyna dolanýar

19:1513.02.2019
0
1030

Taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanan Täjigistanyň «Istiklol» futbol topary saýlama tapgyrdan geçip bilmedi. Şeýlelikde, topar ýene-de yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna ― AFK-nyň kubogyna gaýdyp gelýär. Bassyr iki ýyl bäri bolşy ýaly, «Istiklol» toparçalaýyn tapgyrda ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyryň» (saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip bilse «Ahalyň» hem) topardaşy bolar. 
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda Özbegistanyň Almalyk şäheriniň AGMK topary bilen duşuşan «Istiklol» ýer eýelerinden 2:4 hasabynda asgyn geldi. Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow toparyň Özbegistana gelen düzüminde görkezilen hem bolsa duşuşyga gatnaşmady. 
Taryhynda bir gezek AFK-nyň prezidentiniň kubogyna mynasyp bolan, iki gezek AFK-nyň kubogynyň finalyna çykan «Istiklol» bu ýyl yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 3-nji aprelde saýlama tapgyrdan gelen topar bilen geçirer. Mälim bolşy ýaly, «D» toparçanyň (ýaryşyň Merkezi Aziýa böleginiň) saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň «Ahal», Gyrgyz Respublikasynyň «Alaý», Täjigistanyň «Hujand» toparlary göreşýär. Eger geçen ýylky üstünligi gaýtalap, «Ahal» saýlama tapgyrdan üstünlikli çykyp bilse, «Istiklolyň» bu ýaryşdaky ilkinji garşydaşy bolar.
Geçen ýyl bolşy ýaly, «D» toparçadaky esasy göreşiň ýene-de «Altyn asyr» bilen «Istiklolyň» arasynda bolup geçjekdigini çaklap bileris. Ýurdumyzyň we Täjigistanyň çempionlarynyň toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji duşuşygy 17-nji aprelde Aşgabatda, ikinji duşuşygy 26-njy iýunda Duşenbe şäherinde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň