Soňky habarlar

Arhiw

“Şagadamyň” düzümine täze oýunçylar goşuldylar

19:1113.02.2019
0
1547

Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” topary täze möwsümiň öňüsyrasy täze oýunçylaryň birnäçesini düzümine goşdy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
“Şagadamyň” düzümine “Energetikden” derwezeçi Sergeý Kuznesow, Ýunus Hürmenow, paýtagtymyzyň “Aşgabadyndan” Sirožitdin Jumanyýazow, Balkanabadyň “Nebitçisiniň” oýunçylary Arslan Paizow, Yhlas Magtymow, Döwlet Nazarow, “Köpetdag-1” toparynyň düzüminde Türkmenistanyň birinji ligasynyň ýeňijisi bolan Musa Nurnazarow bilen Maksat Myradow, şeýle-de, geçen möwsümi Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäheriniň “Alga” toparynda geçiren Serdaraly Ataýew dagy goşuldylar.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy”  möwsüme taýýarlygynyň ikinji tapgyryny Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirer. “Şagadamyň” Antalýadaky okuw-türgenleşigi 15-nji fewral – 1-nji mart aralygynda geçiriler. Aleksandr Klimenkonyň tälim berýänleri okuw-türgenleşiginiň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer. “Şagadam” birinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirdi.
“Şagadam” toparynyň geçen möwsümde Türkmenistanyň futbol çempionatyny 4-nji orunda tamamlandygyny ýatladýarys. Türkmenbaşy şäheriniň topary geçiren 28 duşuşygynda 41 utuk toplamagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň