Soňky habarlar

Arhiw

Futbol. Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy: ýeňiji martda kesgitlener

19:0913.02.2019
0
1005

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýakynda resmi saýtynda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň geçiriljek senesini futbol muşdaklarynyň dykgatyna ýetirildi. Geçen ýyl Ýokary ligada bassyr bäşinji çempionlygyny gazanyp, türkmen futbolynyň taryhy rekordyny goýan «Altyn asyr» bilen Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolan «Köpetdag» futbol toparynyň arasynda geçiriljek Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň senesi hökmünde 9-njy mart görkezilýär. Şol gün duşuşyk Aşgabat şäherinde geçiriler.
Ilkinjisi 2005-nji ýylda geçirilen Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyklar şu wagta çenli 13 gezek geçirildi. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu kuboga mynasyp bolan topar bir möwsümiň iň güýçli topary diýlip yglan edilýär. Yzda galan 13 duşuşygyň 6-syna gatnaşan «Altyn asyr», häzirlikçe, bu kubogy iň kän eýelän topardyr. Toparyň muzeýinde ýurdumyzyň Naýbaşy kuboklarynyň 4-si bar. Şu wagta çenli Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyklara 7 topar gatnaşyp, şolaryň «Şagadamdan» galany bu kuboga iň bolmanda bir gezek mynasyp bolup gördüler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hatarynda täzeden döredilen «Köpetdag» bolsa taryhynda ilkinji gezek bu duşuşyga gatnaşyp görer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň