Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary halkara matematika we fizika olimpiadasynda 5 medal gazandylar

18:1113.02.2019
0
5880

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji fewralda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Geçen aýda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça halkara bäsleşigine gatnaşan ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bir altyn, bir kümüş, üç bürünç medala mynasyp boldular.
Döwlet Baştutany bilim ulgamynda döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigini hem-de täze institutlaryň, mekdepleriň ulanylmaga berilmeginiň hasabyna onuň ýyl-ýyldan berkidilýändigini we giňeldilýändigini aýdyp, ylmy edaralaryň hem-de institutlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýakynda geçirilen düzümleýin özgertmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz indi guramaçylyk işlerini çaltrak tamamlap, bu ugurda zerur işlere girişilmelidigini belledi hem-de öňdebaryjy usullary we sanly tehnologiýany ulanmak arkaly, bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň