Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda tebigy hadysalaryň täsirini peseltmek boýunça işler güýçlendiriler

18:0213.02.2019
0
1609

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji fewralda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy hadysalaryň täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri görmek babatda jemagat hojalygy düzümleriniň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.
Milli Liderimiz gyş döwründe ýagynyň köp ýagmagy netijesinde ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagynyň mümkindigini aýtdy. Munuň özi suwlaryň lagym ulgamy ýa-da beýleki dürli ulgamlar arkaly jaýlaryň ýerzemin gatyna geçmegine getirer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şäherde binalary we desgalary gurýan kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň şeýle tebigy ýagdaýlara aýratyn üns bermegini, taslamalar düzülende zerur talaplary berk berjaý etmegini gazanmagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýagyn hem-de sil suwlaryny netijeli peýdalanmak boýunça ylmy esasda zerur işler alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu işleri degişli derejede ýola goýmagy degişli ýolbaşçylardan talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň