Baku şäherinde türkmen halyşynaslyk sungatyna bagyşlanan çäreler geçiriler

16:5413.02.2019
0
5354

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 15 ― 18-nji fewral aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde türkmen halyşynaslyk sungatyna bagyşlanan çäreleriň toplumy geçiriler. Bu çäreleriň çäginde 16-njy fewralda Azerbaýjanyň Haly muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy halyçylyk sungaty» atly amaly okuwy geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde «Türkmenhaly» birleşiginiň we Türkmen halysynyň milli muzeýiniň wekilleri çykyş ederler.
Şeýle hem şol günlerde bu muzeýde türkmen halylarynyň, milli şaý-sepleriň we dokma önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar. Sergä gatnaşyjylar şany jahana dolan türkmen halylarynyň düýni we şu güni bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň