Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

23:5512.02.2019
0
7225

12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat döwründe amala aşyrylan işler hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler;
içeri işler ministri I.Mulikow döwlet Baştutanynyň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de ykdysady häsiýetli kanun bozmalary ýüze çykarmak boýunça täze düzümleýin edaranyň işini talabalaýyk guramak babatda amala aşyrylan çäreler;
goranmak ministri B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Milli goşunymyzda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri;
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew milli kazyýet ulgamyny, şol sanda onuň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek babatda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler;
Baş prokuror B.Atdaýew hasabat döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça görlen çäreler;
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Türkmenistanyň guryýer we deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler;
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow gullugyň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de milli Liderimiziň düzümi täze tehnikalar bilen üpjün etmek we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;
adalat ministri B.Muhammedow ýanwar aýynda täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler hem-de yzygiderli guralýan raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde ilata hereket edýän kanunçylyk-hukuk namalaryny düşündirmek boýunça görülýän çäreler;
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe edaranyň öňünde goýlan gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hem birnäçesine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň