Türkmenistanyň halk artisti Ene Baýramberdiýewa 80 ýaşady

13:2809.02.2019
0
3833

Şu gün belli sungat ussady, teatr we kino sungatynda ýatdan çykmajak keşpleri döreden halypa, Türkmenistanyň halk artisti Ene Baýramberdiýewa 80 ýaşady. 

Ene Baýramberdiýewa mundan 80 ýyl ozal, ýagny 1939-njy ýylyň 9-njy fewralynda  Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşliginde dünýä indi. Onuň sungata sary uzaýan ýollary Magtymguly etrabynyň çagalar öýünden başlanýar. Çagalykdan aýdym aýtmakdaky, tans oýnamakdaky ezberligini görkezen gyz çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişinde saýlanyp, 1955-nji ýylda Moskwada geçirilen Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň 10 günlügine gatnaşýar. Bu ýerde Ene Baýramberdiýewa hor toparynda çykyş edýär. Şol şowly çykyş hem onuň hünär sungat dünýäsindäki ilkinji üstünlikli ädimleriniň biri bolýar we ol öz geljegini ― sungaty saýlaýar. Hut şol ýylyň özünde Aşgabadyň ozalky G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynyň kitaphana bölümine okuwa giren Ene talyp döwürleri opera we balet teatrynyň hor toparynda çykyş edýär.

Ýaş zehin bilimini has kämilleşdirmegi maksat edinip, 1958―1963-nji ýyllarda  Moskwanyň A.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatral sungat  institutynda   teatr we kino artisti hünäri boýunça bilim alýar. 1963-nji ýylda bolsa Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda zähmet ýoluna başlaýar.

Bir ýyldan soňra Aşgabatda Ýaş tomaşaçylar teatrynyň açylmagy bilen, E.Baýramberdiýewa şol teatra işe geçýär. Öz döwrüniň meşhur sahna eserlerinde, esasan, baş keşpleri ― “Çandunyň başdan geçirenlerinde” Puştanyň, “Maşgalada” Olganyň, “Ökünçde” Kümüşiň, “Aý tutulan gijesinde” Zümerrediň keşbini döredýär.

1990-njy ýylda Aşgabatda “Jan” teatry açylandan soň, Ene Baýramberdiýewa zähmet ýoluna bu ýerde dowam edýär. Teatryň sahnasynda ýatda galyjy keşpleriň ençemesini döreden halypa “Jan”, “Däli Domrul”, “Aman daýy” “Suwulgan” ýaly oýunlar bilen Russiýa, Türkiýe, Germaniýa, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan, Özbegistan, Gruziýa ýaly döwlerde çykyş edýär.

Ene Baýramberdiýewanyň kinoda hem ýatda galyjy keşpleriniň birnäçesi bar. Ähli surata düşen filmlerinde enäniň ynsanyýete mähribanlygyny, ezizligini, hamraklygyny öz ussatlygy bilen açyp görkezýär. Ol “Gämiçiniň jany bir” filminde Gözeliň, “Ýyldyzlar öçmeýärlerde” Aýjan ejäniň, “Mollatorgaýda” How enäniň, “Muňa durmuş diýerlerde” Mähri enäniň, “Ak maýanyň ýolunda” Gyzdurdy enäniň, “Gülýakada” Gülnäz enäniň keşbini döredip, kino muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanýar.

Ene Baýramberdiýewa Türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 2008-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly ada eýe bolýar. Ol 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly  bilen sylaglandy. Halypanyň zähmet we durmuş ýoly onuň onlarça şägirdi üçin görelde mekdebidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň