Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyk geçirdi

22:3307.02.2019
0
4105

7-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy geçirildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, olaryň öňünde çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu duşuşykda eden çykyşy onda gozgalýan meseleler saýtymyzyň aýratyn habarynda dolulygyna görkezilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra döwlet Baştutanymyz Mejlisiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň işine berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi. Bu duşuşykda deputatlar düzüminiň işiniň möhüm ugurlaryna hem-de olaryň öňünde durýan kanunçykaryjylyk wezipelerine garaldy.
Milli Liderimiz duşuşygy jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de möhüm döwlet işinde uly üstünlikleri, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň täze üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp, milli parlamentiň binasyndan ugrady.
***
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň mejlisi iş ýagdaýynda dowam etdi. Gün tertibine hormatly Prezidentimiziň deputatlar düzüminiň öňünde goýan täze möhüm wezipeler bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň