Soňky habarlar

Arhiw

Köneürgenjiň pagta egriji fabriginiň önümleriniň 80 göterimi daşary ýurtlara ugradylýar

19:0507.02.2019
0
3957

Köneürgenç etrabynyň pagta egriji fabriginiň işgärleri ýanwar aýynda 3,3 million manatlykdan gowrak önüm öndürdiler. Onuň aglaba bölegi daşary ýurtly alyjylara - birža geleşiklerini baglaşan türkiýeli we russiýaly telekeçilere niýetlenendir ― diýip, «Altyn asyr: Türkmenistan» elektron gazetinde habar berilýär.
Köneürgenç etrabynyň pagta egriji fabrigi ýylda Daşoguz welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan gelýän 6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işleýär. GFR-iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen kärhana Open End pnewmomehaniki usulda nah-mata ýüplügini öndürýär. Ýylda kärhananyň öndürýän önüminiň 80 göterimi daşary ýurtlara ugradylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň