Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow täze toparynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýär

19:0307.02.2019
0
8000

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanowyň ýakynda Özbegistanyň «Lokomotiw» futbol toparyna geçendigini habar beripdik. Tejribeli ýarym goragçy täze toparynyň Türkiýede geçirýän okuw-türgenleşikleriniň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisine gatnaşdy.
Moskwanyň «Dinamosy» we Gazagystanyň bäş gezek çempiony «Astana» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçiren «Lokomotiw» olaryň ikisi hem deňlikde tamamlady. Türkmenistanly ýarym goragçy iki duşuşykda ikinji ýarymda oýna goşuldy.
Geçen ýyl ýurduň çempionatyny birinji orunda tamamlan «demirýolçular» üstümizdäki ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşar. Diýmek, türkmen janköýerleri bu ýyl öz kapitanyna yklymyň birinji derejeli ýaryşynda janköýerlik ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň