Soňky habarlar

Arhiw

Saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin okuw seminarlary gurnaldy

23:4405.02.2019
0
3237

Türkmenistanda 31-nji martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär.
Saýlawlara taýýarlyk we olary geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda 4-nji we 5-nj fewralda welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin okuw seminarlary gurnaldy. Okuw-türgenleşikleri olaryň hünär mümkinçiligini we hukuk bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.
Duşuşyklarda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri uçastok we okrug toparlarynyň işgärlerini degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary, şeýle hem wajyp jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlygyň we ony geçirmegiň usulýet ugurlary bilen tanyşdyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň