Soňky habarlar

Arhiw

Futbol: Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň Dohadaky ikinji ýoldaşlyk duşuşygy hem deňlikde tamamlandy

01:4502.02.2019
0
3290

Dohada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän olimpiýa ýygyndymyz şu gün Kuweýtiň “Al-Fahaheel sport club” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ýerli “Al-Arabi” futbol klubunyň türgenleşik meýdanynda geçirilýän bu duşuşykda hasaby ilki türkmen topary açmagy başardy. Netijeli urgyny duşuşygyň 14-nji minutynda “Merwde” çykyş edýän Şanazar Tirkişow öz adyna ýazdyrdy. Ýeri gelende aýtsak, olimpiýa ýygyndymyz Dohada geçiren birinji ýoldaşlyk duşuşygynda Kataryň olimpiýa ýygyndysy bilen duşuşdy. Esasy üns goragda jemlenen bu duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.
Katarda geçirilýän okuw-türgenleşigi Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň (U-23) 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky taýýarlygy bolar.
Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry şu ýylyň 22-26-njy marty aralygynda Eýranyň Tähran şäherinde geçiriler. “C” toparçada bäsleşýän olimpiýa ýygyndymyzyň garşydaşlary Eýranyň (22-nji mart), Yragyň«Ahal» Antalýadaky ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda hem ýeňiş gazandy
AFK-nyň kubogy ― 2019-yň saýlama tapgyryna taýýarlyklaryny Türkiýäniň Antalýa şäherinde dowam edýän «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary bu ýerde geçiren ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda-da ýeňiş gazandy. Ilkinji duşuşykda Ukrainanyň «Çernomoresini» ýeňen türkmen futbolçylarynyň bu gezekki garşydaşy geçen ýyl Gazagystanyň Birinji ligasynda çempion bolup, Ýokary liga çykan «Okžetpes» topary boldy. 31-nji ýanwarda geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda türkmen futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Pökgini 25-nji minutda Pirmyrat Sultanow geçirdi.
«Okžetpesiň» ady türkmenistanly futbol janköýerlerine tejribeli ýarym goragçy, milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow bilen hem tanyşdyr. Ol 2012-nji ýylda bu toparyň düzüminde futbol oýnap, ýarym möwsümde 11 duşuşyga gatnaşypdy. Gazagystanyň Premýer ligasynda diňe bir gezek bäşinji orny eýeläp gören «Okžetpes», 1968-nji ýyldan bäri gaýdýan taryhynda 7 gezek çärýek finala çenli baryp bildi. Birinji ligada bolsa iki gezek çempion bolup, bir gezek kümüş, dört gezek hem bürünç medal eýeledi. 2017-nji ýylda Premýer ligada 12-nji orny eýeläp, Birinji liga düşen «Okžetpes» täze möwsümde ýene-de birinji derejeli ýaryşa gaýdyp geler. Topar düzüminde Arslanmyrat Amanowyň futbol oýnan ýylynda ― 2012-nji ýylda Premýer ligada 14-nji orny eýeledi. (24-nji mart) hem-de Ýemeniň (26-njy mart) ýygyndylary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň