Soňky habarlar

Arhiw

Futbol: Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň Dohadaky ikinji ýoldaşlyk duşuşygy hem deňlikde tamamlandy

01:0902.02.2019
0
4630

Dohada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän olimpiýa ýygyndymyz şu gün Kuweýtiň “Al-Fahaheel sport club” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ýerli “Al-Arabi” futbol klubunyň türgenleşik meýdanynda geçirilýän bu duşuşykda hasaby ilki türkmen topary açmagy başardy. Netijeli urgyny duşuşygyň 14-nji minutynda “Merwde” çykyş edýän Şanazar Tirkişow öz adyna ýazdyrdy. Ýeri gelende aýtsak, olimpiýa ýygyndymyz Dohada geçiren birinji ýoldaşlyk duşuşygynda Kataryň olimpiýa ýygyndysy bilen duşuşdy. Esasy üns goragda jemlenen bu duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.
Katarda geçirilýän okuw-türgenleşigi Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň (U-23) 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky taýýarlygy bolar.
Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyry şu ýylyň 22-26-njy marty aralygynda Eýranyň Tähran şäherinde geçiriler. “C” toparçada bäsleşýän olimpiýa ýygyndymyzyň garşydaşlary Eýranyň (22-nji mart), Yragyň (24-nji mart) hem-de Ýemeniň (26-njy mart) ýygyndylary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň