Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti döredildi

03:0330.01.2019
0
11906

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi. Onda şeýle diýilýär:

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetini suw hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli».

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Milletiň Lideriniň gol çeken Kararlarynyň ýene-de biri bilen, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken üçünji bir Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyna berildi hem-de ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy diýlip atlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň