Soňky habarlar

Arhiw

Oba hojalyk ylmy-barlag instituty Türkmen oba hojalyk institutynyň garamagyna berildi

02:4830.01.2019
0
5636

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek we oba hojalyk ylmynyň dünýä derejesinde ösüşini, ylmyň, önümçiligiň hem-de bilimiň özara baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag instituty Türkmen oba hojalyk institutynyň garamagyna berildi hem-de ol Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi diýlip atlandyryldy.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň