Soňky habarlar

Arhiw

Maldarçylyk we weterinariýa instituty Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna berildi

01:1430.01.2019
0
5372

Türkmenistanda ykdysadyýetiň möhüm ulgamlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň utgaşdyrylmagyny kämilleşdirmek, şeýle hem ylmy edaralaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa instituty S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna bellenen tertipde berildi.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň