Soňky habarlar

Arhiw

Gün energiýasy instituty Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna berildi

00:5730.01.2019
0
6441

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy instituty Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna bellenen tertipde berildi.
Energetika ministrligine we Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň