Soňky habarlar

Arhiw

"Ahal" Antalýadaky ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

11:5629.01.2019
0
4054

Türkmenistanyň Milli futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň wise-çempiony, "Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň "Ahal" futbol topary Türkiýäniň Antalýa şäherindäki türgenleşikleriniň çäginde ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ukrainanyň "Çernomores" topary bilen duşuşan türkmen futbolçylary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Pökgüleri 23-nji minutda Wezirgeldi Ylýasow, 59-njy minutda Pirmyrat Sultanow geçirdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleriniň habar bermegine görä, "Ahal" bu ýerde ýene 3 ýoldaşlyk duşuşygyny meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň