Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenildi

23:3727.01.2019
0
17515

27-nji ýanwarda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni we Milli goşunyň döredilmeginiň 27 ýyllygy giňden dabaralandyryldy.
Şol gün Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň has tapawutlanan harby gullukçylara, serkerdelere hem-de beýleki işgärlerine döwlet sylaglaryny we paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän oňaýly ýaşaýyş öýleriniň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. 
Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin olaryň 500-den gowragy ýokary amatlykly öýlere göçüp barar.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 26-njy ýanwarda geçirilen maslahatlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan beýik maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere bagyşlandy.
Baýramçylyk mynasybetli harby gullukçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň ýanynda oturdylan heýkeline we gahryman pederlerimize edermenligiň nyşany hökmünde “Halk hakydasy” ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Olar mähriban halkymyzyň azatlygy we erkinligi üçin pederlerimiziň söweşlerde görkezen edermenligine çuňňur hormatyň nyşany hökmünde tagzym etdiler.
Paýtagtymyzdaky Merkezi serkerdeler öýünde harby gullukçylaryň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Olaryň çykyşlary nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk söýüjiligiň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlylygyny şöhlelendirdi.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň