Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi

23:3826.01.2019
0
3512

26-njy ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ol çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we Geňeşlikleriň agzalarynyň saýlawlarynyň taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary hem-de onuň diwanynyň işgärleri, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden ybarat milli synçylar gatnaşdylar.
Onuň gün tertibine öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Hususan-da, ozal çykyp giden Parlamentiň deputatlarynyň, ýerli halk häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2019-njy ýylyň 31-nji martynda, ýekşenbe güni geçirmek meýilleşdirildi. Dalaşgärleri görkezmek işlerine 30-njy ýanwarda badalga berler we 28-nji fewrala çenli dowam eder. Dalaşgärleri bellige almak işleri 9-njy fewraldan 5-nji mart aralygynda bolar.
Tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ikisini saýlamak meselesi durýar. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň üçüsinde, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bolsa 14 saýlaw okruglarynda geçiriler. Şeýle hem Geňeşlikleriň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 100-sinde bolar. Ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň 188-si döredildi.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde gelip gowşan habarlary nazara alyp we saýlawlary geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler esasynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň