Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy

23:1826.01.2019
0
3130

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen täjirler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni we polipropileni satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, portlandsement, şeýle hem awtoulag ýerlenildi. Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Estoniýadan, Owganystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen işewürleriň baglaşan geleşikleriniň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 248 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Ermenistandan gelen täjirler jemi bahasy 5 million 324 müň manatlykdan gowrak bolan nah matany hem ýüplügi, pagta galyndylaryny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 376 müň manatlyk pagta übtügini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň