Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

13:0226.01.2019
0
8053

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, howpsuzlygyň hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi, bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şeýle hem bu düzümleriň 2019-njy ýylda öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeler hem-de esasy çäreler kesgitlenildi. Mejlis Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri baş müdirliginiň binasynda geçirildi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewiň, içeri işler ministri I.Mulikowyň, goranmak ministri B.Gündogdyýewiň, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýewiň, Baş prokuror B.Atdaýewiň, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýewiň, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanowyň, adalat ministri B.Muhamedowyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdowyň we Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýewiň hasabatlaryny diňledi. Hasabatlarda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we 2019-njy ýylyň maksatlary barada aýdyldy.
Mejlisiň barşynda Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine birleşdirmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny we şahsy düzüminiň wekillerini sylaglamak we beýleki meseleler hakynda çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň