Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy IIM-e birikdirildi

01:1526.01.2019
0
11088

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutany ykdysady jenaýatlara garşy göreşi güýçlendirmek, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine birleşdirmek hakyndaky Permana gol çekdi we bu edaranyň ýolbaşçysyna täze düzümiň işini talabalaýyk guramak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň