Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Watan goragçylarynyň gününiň hormatyna sergi açyldy

22:5225.01.2019
0
4209

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 27-nji ýanwarda ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy.
Sergi ýurdumyzda parahat we asuda durmuşy goramak, edermen halkymyzyň döredijiliginiň we taryhynyň täsiri bilen Garaşsyz döwletimiziň goranyş kuwwatyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän işleri şöhlelendirýär.
Sergide görkezilen suratlar Milli goşunymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalary, hususan-da, her ýyl geçirilýän, ussatlygyň ýokary derejesini üýtgewsiz görkezýän türkmen esgerleriniň harby ýörişlerini şöhlelendirýär. Şeýle hem sergide Döwlet muzeýiniň gaýduwsyz esgerlerimiziň durmuşy we edermenlikleri barada gürrüň berýän gymmatlyklary — gadymy ýaraglar, harby lybaslar, durmuşda ulanylýan enjamlar hem-de şol döwrüň ruhuna aralaşmaga mümkinçilik berýän beýleki zatlar görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň