Soňky habarlar

Arhiw

Baku şäherinde türkmen halylarynyň sergisi geçiriler

20:1325.01.2019
0
10331

15 ― 18-nji fewral aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türkmenistanyň dokma önümleriniň, şol sanda türkmen halylarynyň, milli lybaslaryň sergisi geçiriler. «Trend» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu sergi iki ýurduň ― Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda medeni gatnaşyklaryň we söwdanyň has-da ösdürilmegine ýardam berer. Sergide türkmen halylary bilen birlikde arassa pagtadan we ýüpekden taýýarlanan dokma önümleri hem görkeziler.
«Trendiň» habaryna görä, Bakuwda Türkmeniň ak öýi binasy hem dikiler. Serginiň şol binanyň içinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň dokma we haly önümleri soňky ýyllarda halkara sergileriň köpüsinde orun alýar. Munuň esasy sebäbi bolsa Ýer ýüzünde olaryň hyrydarynyň köpelýänligidir. Diňe ýanwar aýynyň mysalynda alanymyzda hem dokma önümlerimizdir halylarymyz halkara sergileriň birnäçesinde görkezildi.
Olaryň hatarynda Germaniýada geçirilen «Heimtextil ― 2019» we «Domotex ― 2019» atly halkara sergilerini, Dubaýdaky «Carpet & Art Oasis» sergisini görkezip bileris. 
Türkmenistanda we Azerbaýjan bilelikdäki sergileri geçirmek, şol bir hatarda-da türkmen halylarynyň Baku şäherindäki sergisini gurnamak baradaky başlangyç dostlukly döwletiň Prezidenti Ilham Aliýewiň geçen ýyl Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäginde kabul edilipdi. Iki döwletiň Liderleri medeni gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etjek şeýle çäreleriň geçirilmegini goldapdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň