Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň düýbüniň tutulyş dabarasy geçiriler

18:1524.01.2019
0
1739

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 23-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli geçiriljek dabara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýoly gurmagy hususy kärhanalara — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynandy.

Milletiň Lideri bu iri taslamanyň ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ähmiýetini belläp, ony amala aşyrmaga badalga bermek mynasybetli geçiriljek dabarany ýokary derejede guramak barada görkezme berdi hem-de Türkmenistanyň üstaşyr-ulag düzüminde möhüm halka öwrüljek bu desganyň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň