Türkmenistanda bahalary we nyrhlary durnukly ýagdaýda saklamak boýunça işler geçirilýär

18:1424.01.2019
0
1412

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 23-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Myradow döwlet Baştutanyna gözegçilik edýän edaralary tarapyndan bahalary we nyrhlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri hakynda aýtdy.

Milletiň Lideri şol birwagtda sanly wideoaragatnaşyga maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowy çagyrdy. Ministr ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de bahalary emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklip edilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, bu meseläniň durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm düzüm bölegidigini belledi. Bu ugurda öz wagtynda netijeli anyk çäreleriň görülmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, kärhanalaryň girdejiligini artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere we maliýe we ykdysadyýet ministrine degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny seljermegi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň