Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda dokalmaýan matalaryň önümçiligi ýola goýlar

18:1324.01.2019
0
2026

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 23-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew döwlet Baştutanyna Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda dokalmaýan matalaryň (Spansleýs) önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, Aşgabat dokma toplumynyň binýadyndaky önümçilik bölüminde ýylda 4 müň 200 tonna pagta süýüm galyndylary işlenilip, şonuň 250 tonnasyndan lukmançylyk we kosmetiki pamyk önümleri öndürilýär, galan bölegi bolsa daşary ýurtlara eksport edilýär. Şunuň bilen baglylykda, galyndylary işlemek hem-de daşary ýurtlaryň önümlerine mynasyp bäsdeş bolup bilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli dokalmaýan matany öndürmek boýunça önümçilik bölümini döretmek barada teklip aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýerleşen onlarça kärhanalaryň ýokary tehnologiýaly kuwwatyna hem-de egsilmez çig mal serişdelerine eýe bolan dokma senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmeginiň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça strategik wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendigini nygtady.

Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de bu ugurlarda baý iş tejribä eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň depginlerini çaltlandyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň