Soňky habarlar

Arhiw

Ýüze çykarylan dopingler Tailandy Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmekden mahrum edip biler

05:3524.01.2019
0
4642

Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda türgenleriniň doping barlaglarynda ýüze çykarylan ýagdaýlar sebäpli, şu ýyl Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirjek Tailanddan bu ýaryş alnyp bilner. Bu barada Halkara Agyr atletika federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekili Maksim Agapitow aýdýar diýip, TASS habarlar agentligi ýazýar.

IWF-niň wekiliniň berýän maglumatyna görä, Aşgabatdaky çempionatda tailandly türgenleriň dördüsiniň doping ulanandygy ýüze çykaryldy.

«Tailandly türgenleriň doping barlaglaryndaky ýagdaý ýurduň dünýä çempionatyny geçirmek hukugyna hem howp salýar. Ýöne heniz belli bir zat aýdyp bolmaz. IWF-niň geljekki maslahaty 5-6-njy martda Las Wegasda meýilleşdirilýär. Ol bu ýerde geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň çäginde bolar. Şol maslahata çenli Tailandyň dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny özünde saklap galýandygy ýa-da bu hukukdan mahrum edilýändigi barada belli bir zat aýtmak kyn. Ählisi şol maslahatda belli bolar» diýlip, habarda M.Agapitowyň aýdanlary getirilýär.

Häzirki meýilnama görä, Dünýä çempionaty ― 2019 16 ― 25-nji sentýabr aralygynda Tailandyň Pattaýa şäherinde geçirilmeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň