Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan fewral aýynda Hindistanda geçiriljek halkara nebitgaz sergisine gatnaşar

23:5723.01.2019
0
3404

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 23-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanyna şu ýylyň 10 — 12-nji fewralynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «Petrotech — 2019» atly halkara nebit we gaz sergisine hem-de maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu uly maslahata dünýäniň iri kompaniýalaryny Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalary, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdyrmak maksadynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere «Petrotech — 2019» atly halkara nebit we gaz sergisinde hem-de maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünliklerini we köptaraply mümkinçiligini görkezmäge gönükdirilen iri möçberli milli sergi bölümimizi ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň