Türkmenistan Italiýadan 2424 tonna buraw turbalaryny satyn alýar

23:5423.01.2019
0
5096

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, nebitgaz pudagynyň edaralarynyň daşary ykdysady şertnamalary boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz ýataklarynda gazuw we abatlaýyş işlerinde zerur bolan dürli görnüşli buraw turbalarynyň 2 müň 424 tonnasyny satyn almak barada Italiýa Respublikasynyň «ProBusiness S.r.I.» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasynyň bahasynyň tölege degişli galan bölegini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek tabşyryldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň