Soňky habarlar

Arhiw

Filippinlerde Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady

12:4623.01.2019
0
3142

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (ýerleşýän ýeri Tokio ş.) G.Elýasow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertä ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamy hem-de iň gowy arzuwlary ýetirildi.

Prezident Rodrigo Roa Duterte Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny belledi hem-de mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, türkmen Liderine hem-de ýurdumyzyň halkyna rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň