Türkmenistanyň DIM-inde Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

23:3622.01.2019
0
3582

22-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnakyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ýola goýlan Türkmenistanyň hem-de Energetika Hartiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem 2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda kabul edilen hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Energetika Hartiýasynyň arasyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň wekilleriniň EH-niň Sekretariatynda tejribe geçmek meselesine seredildi.

Taraplar Energetika Hartiýasy boýunça Konferensiýasynyň 2017-nji ýylyň 28 — 29-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen 28-nji mejlisiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de onuň netijeli häsiýete eýedigini belläp, 2019-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygynyň maksatlaýyn toparynyň 15-nji mejlisini (RECCA) geçirmek baradaky meselelere garadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň