«Köpetdag» we «Şagadam» futbol toparlary ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler

18:0322.01.2019
0
823

Futbol boýunça milli ýygyndymyzyň Aziýa kubogy ― 2019-dan gaýdyp gelmegi bilen, milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynda çykyş edýän toparlar täze möwsüme taýýarlygyny güýçlendirdiler. Geçen möwsümi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy bilen başlap, Türkmenistanyň kubogy bilen jemlan Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol topary täze möwsümiň taýýarlygyna ir başlan toparlaryň biri. TFF-niň resmi saýtynda (www.tff.com.tm) toparyň ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirendigi habar berilýär.

Tejribeli tälimçi Saýit Saýidowyň şägirtleri «Awazadaky» türgenleşikleriň çäginde Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirdiler. Olaryň birinjisi «Şagadamyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan bolsa, ikinji duşuşykda «Köpetdag» ýeke-täk pökgi bilen ýeňiş gazandy.

Şu günler Ýokary liganyň beýleki wekilleri hem täze möwsüme taýýarlyk işlerini alyp barýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň