Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda futzal tälimçileriniň okuw-maslahaty geçirilýär

18:0222.01.2019
0
814

Şu günler paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýurdumyzyň futzal boýunça tälimçileriniň okuw-maslahaty geçirilýär. Ol Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guralýar.

21-nji ýanwarda açylan okuw-maslahaty 26-njy ýanwara çenli dowam eder. Oňa ýurdumyzyň çempionatynda çykyş edýän futzal toparlarynyň tälimçileriniň we ýaş tälimçileriň 15-si gatnaşýar. Olaryň arasynda zenan tälimçileriň hem bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Olar geljekde dürli zenanlar toparlaryna hem-de ýurdumyzyň zenanlar milli ýygyndysyna tälim bererler.

Okuw-maslahaty tälimçi-gözükdiriji Döwlet Annaýewiň ýolbaşçylygynda geçirilýär. Ýörite sapaklar tamamlanansoň, oňa gatnaşanlara tälimçilik etmäge mümkinçilik berýän “Level-1” ygtyýarnamasy gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň