Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL ― 2019: ilkinji transferler amala aşyryldy

18:0122.01.2019
0
903

Türkmenistanyň Milli futbol çempionatynyň täze möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň futbol toparlary düzümlerini hem güýçlendirýärler. Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda (www.tff.com.tm) geçen möwsümde «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynda çykyş eden Myrat Annaýew bilen Begenç Akmämmedowyň täze möwsümde ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony ― Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol toparyna goşulandygy habar berildi.

Bu futbolçylaryň ikisi hem hüjüme ýakyn bölekde çykyş edýär. Hüjümini güýçlendirmegi geçen ýyl AFK-nyň kubogynda finala çenli baryp ýeten «Altyn asyryň», bir tarapdan, täze möwsümde has ýiti hüjüm usulyny göz öňünde tutýandygyny aňlatsa, ikinji bir tarapdan, geçen möwsümde «aragatnaşykçylaryň» hatarynda çykyş eden käbir futbolçylaryň, şol sanda, hüjümçilerdir ýarym goragçylaryň käbiriniň täze möwsümiň bosagasynda toparyny täzeläp biljekdigini görkezýär.

«Ahalyň» ýene bir futbolçysy ― ýarym goragçy Orazberdi Myradow hem täze möwsümiň bosagasynda toparyny täzeledi. Ol öňde duran futbol möwsüminde paýtagtymyzyň «Aşgabat» futbol toparynyň üstünlikleri üçin göreşer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň