Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen pälwanlary Russiýada halkara ýaryşa gatnaşar

18:0122.01.2019
0
949

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysy 24 ― 27-nji ýanwar aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde geçiriljek «Iwan Ýarygin ― 2019» halkara Gran-pri ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş erkin göreş hem-de zenan göreşi boýunça geçiriler. Bütindünýä göreş birleşiginiň meýilnamasyna hem girizilen halkara ýaryş Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek çempiony bolan ady rowaýata öwrülen pälwan Iwan Ýaryginiň hormatyna geçirilýär.

Russiýa Federasiýasynda ýurdumyzyň sport abraýyny gorajak türgenleriň hatarynda hakara ýaryşlaryň ençemesiniň, şol sanda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileri hem bar. Şol sanda «Iwan Ýarygin ― 2018»-de bürünç medal gazanan türgenimiz Döwletmyrat Orazgylyjow şu gezek hem milli ýygyndymyzyň hataryna çagyryldy.

Şu gezekki ýaryşlara ýer eýelerinden, türkmen pälwanlaryndan başga-da, ABŞ, Azerbaýjan, Eýran ýaly döwletlerden gelen pälwanlar hem gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň